«Twit­ter» gir­de­ji­si­ni art­dyr­dy

7 Noýabr 2021
1416

Ge­çen hep­de in­ter­net ul­ga­myn­da iş­le­ýän «Twit­ter» kom­pa­ni­ýa­sy 2021-nji ýy­lyň üçün­ji çär­ýe­gi­niň je­mi­ni jem­le­di. Kom­pa­ni­ýa­nyň söw­da­la­ry 14%, gir­de­ji­si bol­sa 37% artdy we ABŞ-nyň 1,28 mil­liard dol­la­ry­na ba­ra­bar bol­dy. Soň­ky mag­lu­mat­la­ra la­ýyk­lyk­da, «Twit­ter»-iň iş­jeň ula­ny­jy­la­ry 13% ar­typ, 211 mil­lio­na ýet­di. Bel­le­me­li zat, «Twit­ter» in­ter­net ul­ga­my­nyň iş­jeň ula­ny­jy­la­ry ABŞ-nyň çä­gin­den da­şyn­da ýer­leş­ýär (174 mil­lion), ýö­ne gir­de­ji­niň 58%-ini hut ABŞ-nyň ula­ny­jy­la­ry eýeleýär. Şeý­le-de ge­çen çär­ýek­de kom­pa­ni­ýa­nyň hal­ka­ra gir­de­ji­si 29%-e ba­ra­bar bol­dy.

Atajan Rozyýew,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar