Elektron abunaçy bolmagyň ýazylyş tertibi: kompýuteriň üsti bilen ýazylmak has-da ýeňil

7 Noýabr 2021
1512

Döwrümiziň ösüşleri, özgerişleri, hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasaty, bagtyýarlyk döwrümiziň eşretli günleri hakyndaky habarlardyr makalalary, goşgudyr söhbetdeşlikleri indi biz örän ýeňilleşdirilen, dessine tanşyp bolýan internet sahypalarynyň üsti bilen okap bilýäris. Şunlukda sanly gurşawa eýe bolan, ýolda-yzda, myhmançylykda ýa-da işde — islendik wagt açyp, okap bolýan «turkmenmetbugat.gov.tm» internet sahypasy hemişe siziň bilen. Elektron gazetlerini özünde jemleýän internet sahypasyna internet tory arkaly kompýutere ýa-da Türkmenmetbugat mobil goşundysyny el öýjükli smart telefonyna ýükläp, girip bolýar. Ýöne okamak üçin, ilkinji nobatda, elektron abunaçy bolmak zerurdyr. Hormatly okyjylar, biz bu gezekki sanymyzda kompýuteriň üsti bilen elektron abunaçy bolmagyň ýazylyş tertibini size ýetirmegi makul bildik.

Ýazylyşyga başlamazdan ozal, «TMCell» el öýjükli telefonyňyzdaky hasabyňyz 60 manatdan gowrak bolmaly.Öň siz Türkmenmetbugat internet sahypasyna abunaçy bolup, indi 2022-nji ýylyň birinji ýarymy — ilkinji 6 aýyna elektron abuna ýazylmakçy bolsaňyz, onda şu aşakdaky yzygiderliligi amala aşyrmaly.

Beýleki habarlar