Sanly ulgamyň batly gadamlary

25 Oktýabr 2021
1383

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine alyp barýan hormatly Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanly ulgam giňden ornaşdyrylýar. Sanly ulgamy giňden ornaşdyrmakda häzirki zaman kompýuterlerden, innowasion nanatehnologiýalardan, internetden giňden peýdalanylýar. Şeýle tehnologiýalardan peýdalanmakda olaryň programmalaýyn dolandyryş ulgamyny üpjün etmekde uly işler alnyp barylýar. Mähriban Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasatynyň esasynda sanly maglumat ulgamyny ösdürmek we olary dolandyrmak bilen bir hatarda, maglumatlaryň goraglylygyny gazanmaklyga, kiberhowpsuzlygyny üpjün etmekde hem tutumly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde kiberhowpsuzlyk fakultetleri, kafedralar döredilýär. Şeýle fakultet, kafedra üstümizdäki 2021 — 2022-nji okuw ýylynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde hem döredildi. Kibergiňişlik we kiberhowpsuzlyk babatda gürrüň edilende, daşarky täsirleriň dürli görnüşlerinden ilaty we milli bähbitleri goramak esasy meseleleriň biri bolup durýar.

Kiberhowpsuzlyk maglumat we aragatnaşyk ulgamlaryny hem-de olarda saklanýan maglumatlaryň düzümine zyýan ýetirip biljek täsirleriň öňüni almak, ygtyýarsyz, elýeterlikli üýtgetmeleri birugsat girizmekden, maglumatlary ulanmaga hyýal edilende, olaryň öňüni almakdan, umuman, goraglylygyny talabalaýyk berjaý etmekden ybarat bolup, degişli programma üpjünçiligi işlenip düzülýär. Munuň özi bu ugurdan degişli hünärmenleriň ýokary duýgurlyga eýe bolan programmalary işläp düzmeklerini talap edýär. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň we onuň düzüminde döredilen Kiberhowpsuzlyk kafedrasy tarapyndan bu ugurda möhüm işler alnyp barylýar.

Didar ANNAGULYÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar