Ylym — bilimiň gözbaşy

25 Oktýabr 2021
1861

“Bir okana bar...” diýmek bilen dana pederlerimiz ylym-bilime uly sarpa goýup, ýaş nesilleriň sowatly bolmaklaryna uly ähmiýet beripdirler. Bu meselede kitap ylym-bilimiň gözbaşy bolmak bilen çäklenmän, onuň biziň ýakyn maslahatçymyzdygynam nygtamalydyrys. Şonuň üçinem ýurdumyzda kitaphana işi gowy ýola goýlup, Gahryman hem mähriban Prezidentimiziň ýadawsyz tagallalary bilen kitaphana işiniň hilini ýokarlandyrmakda uly işler amala aşyrylýar. Döwrebap kitaphanalar gurlup, okyjylaryň hyzmatyna berilýär.

Bu ulgamda durmuşa geçirilýän bähbitli işler biziň kitaphanamyzda-da okyjylara edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmaga oňyn täsirini ýetirýär. Kitaphanamyzyň kitap gory barha baýlaşdyrylýar. Aýratynam, Arkadag Prezidentimiziň ýiti zehininden döräp, okyjylaryna guwançly sowgat bolýan kitaplary halkymyzyň ruhy gymmatlyklarynyň baýlaşmagyna ýardam edýär. Biz okyjylarymyzyň sanyny artdyrmak bilen bagly işlere uly üns berip, edebiýat agşamlaryny, kitap sergilerini yzygiderli geçirip durýarys. Mähriban Prezidentimiziň okyjylaryna peşgeş berýän gyzyldan gymmatly eserleriniň sergileri okyjylarymyzda has-da uly gyzyklanma döredýär. Belent sepgitlere, ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenýän Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyny gowy netijeler bilen jemlemek her birimiziň borjumyz. Biz şu borç duýgusyndan ugur alyp, döredijilikli zähmet çekýäris.

Beýleki habarlar