«EKSPO-2020» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli güni

21 Oktýabr 2021
1199

Türkmenistanyň «EKSPO-2020» sergisine gatnaşmagynyň esasy maksady özygtyýarly ösüşiň 30 ýylynda dürli ugurlarda gazanylan üstünlikleri dünýä ýaýmakdan, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekden, öndürilýän harytlaryň eksportyny artdyrmakdan ybaratdyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmen döwletiniň Bütindünýä sergä gatnaşmagyna tutuş dünýäde parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine hoşniýetli başlangyç hökmünde garaýandygyny bellemek gerek. Mähriban Arkadagymyz BAE iş saparyny amala aşyryp, Dubaý şäherinde geçirilýän «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisiniň çäklerinde guralan Türkmenistanyň milli gününe gatnaşdy. 4,3 inedördül kilometr meýdanda ýörite gurlan ägirt uly «EKSPO-2020»-niň esasy konsepsiýasy serginiň «Akyl-paýhasymyzy birleşdirip, geljegi döredýäris» diýen şygarynda öz beýanyny tapdy. Serginiň çägi «Mümkinçilik», «Ykjamlylyk» we «Durnukly ösüş» diýlip atlandyrylan bölümlere bölündi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisiniň Baş kabul ediş merkeziniň girelgesiniň öňünde BAE-niň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri, «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisiniň baş direktory Rimal Al Haşimi garşylady. Merkeziň eýwanynda iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasyndan soň, milli Liderimiz Türkmenistanyň Milli gününiň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine – «Al Wasl» dabaralar merkezine çagyryldy. Türkmenistanyň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň Döwlet senalary ýaňlanýar, iki ýurduň Döwlet baýdaklary galdyrylýar.

Beýleki habarlar