Bazarlaryň bezegi

20 Oktýabr 2021
2734

Güýz pasly ortalap, gök-bakja ekinleriniň, miweli baglaryň soňky hasyly ýygnalyp ýörlen-de bolsa, bu babatda ak bazarlarymyzyň berekedi asla kemelenok. Ýurdumyzyň çar künjeginde gurlan döwrebap ýyladyşhanalarda ösdürilip ýetişdirilýän bol bakja önümleri — terje hyýarlar, al-gyzyl reňkli pomidorlar gözüňi dokundyrýar. Şu ýyl Mary welaýatynda gurlup, ulanmaga berlen döwrebap ýyladyşhana toplumynda hem ýeterlik hasyl kemala getirildi.

Hoş habar tiz ýaýragyç bolýar. Bahar aýynyň ajaýyp gününde gadymy Merw topragynda ýene-de bir ýyladyşhana toplumynyň açylýandygy baradaky hoş habar agyzdan-agza geçip, tutuş welaýata ýaýrapdy. Bu pursat uludan-kiçä hemmäniň kalbyny şatlykdyr buýsanç duýgusy gaplap aldy. Munuň özi diňe bir ter gök we bakja önümleriniň bolçulygynyň alamaty bolman, eýsem, köp sanly maşgalanyň ýaşaýyş-durmuşynyň gowulandyrylmagyna oňyn täsir etjek onlarça täze iş orunlarynyň hem döredilýändiginiň buşlugydy. Golaý obada ýaşaýan ýaşlaryň aglabasy döwrebap önümçilik kärhanasynyň gurluşygyna başlanan günlerden onda işlemegiň arzuwynda boldular. Gahryman Arkadagymyzyň mart aýynda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlan täze ýyladyşhanalaryň açylmagyna ak pata bermegi bilen, ýaşlaryň bu arzuwy wysal tapdy. Welaýatyň Sakarçäge etrabynyň «Akýap» daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän, iň häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan ýyladyşhanada täze iş orunlary döredilip, oba ýaşlarynyň birbada 66-sy iş bilen üpjün edildi.

Keýik UMAROWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar