«EKSPO — 2020»: ösüşleriň hem özgerişleriň aýnasy

19 Oktýabr 2021
800

Halkara sergiler edarasy häzirki döwürde EKSPO sergileriniň 4 görnüşini guraýar we olaryň arasynda «EKSPO» Bütindünýä sergisi has meşhurdyr. Bu sergini medeniýet, taryh, bilim we sungat ugurlary boýunça geçirilýän olimpiýa meňzetsek hem ýalňyş bolmasa gerek. «EKSPO» Bütindünýä sergisi oňa gatnaşyjy döwletleriň ykdysady mümkinçiliklerini, senagat taýdan ösüşini, milli aýratynlyklaryny, eksport artykmaçlyklaryny açyp görkezýän we dünýäniň tas ähli döwletlerini özünde birleşdirýän çäredir. Şu ýylyň 1-nji oktýabrynda açylan we 6 aý dowam etjek «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisiniň «Akyl-paýhasymyzy birleşdirip, geljegi döredýäris» diýen şygar astynda geçirilmegi dünýäniň ählumumylaşýandygyny we onda her bir döwletiň öz ornunyň, garaýyşlarynyň, sözüniň bardygyny hem-de bolmalydygyny ýene bir ýola ýüze çykardy. Gürrüňi edilýän şygaryň saýlanylyp alynmagy dünýä ykdysadyýetiniň kynçylykly döwri başdan geçirýän häzirki günlerinde has-da aýratyn mana eýedir. Bu şygar halkara jemgyýetçilikde we döwletara gatnaşyklarda emele gelen hem-de çözgüdine garaşýan «gyzgyn» meseleleri aradan aýyrmakda, döwletara, halkara gatnaşyklarda ikitaraplaýyn, şeýle-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde, ykdysady gatnaşyklary kadalaşdyrmakda, şonuň bilen birlikde-de, pandemiýadan soňky döwürde dünýä ykdysadyýetini dikeltmekde tagallalarydyr mümkinçilikleri birleşdirmegiň derwaýysdygyny aýan edýär. Şeýle bolansoň, «EKSPO — 2020-niň» dünýäniň ösen hem-de ösüp barýan döwletleriniň pikirlerini, garaýyşlaryny we ykdysady durnuklylygy ýola goýmak bilen baglanyşykly tekliplerini bir ýere jemlemegine garaşylýar. Onuň netijelerine halkara jemgyýetçilik indi ençeme wagtdan bäri garaşýar. Çünki ol ýakyn hem orta geljekde döwletleriň arasyndaky dürli ugurlardaky, esasan-da ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm orun eýelär.

Hormatly Prezidentimiziň 9-njy oktýabrda Birleşen Arap Emirliklerine iş saparyny amala aşyryp, Dubaý şäherinde geçirilýän “EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisiniň çäklerinde guralan Türkmenistanyň milli gününe gatnaşmagy ýurdumyzyň bu çärä ýokary ähmiýet berýändigini ýene bir ýola aýan etdi. Ol jemi 4,3 inedördül kilometr meýdany eýeleýän «EKSPO — 2020-niň» çäginde Türkmenistanyň milli bölümine aýratyn orun berilmeginde-de ýüze çykýar. Dünýäniň 190-dan gowrak ýurdunyň gatnaşmagynda geçirilýän Bütindünýä sergisi, beýleki ösen hem-de ösüp barýan döwletler bilen birlikde, Türkmenistan üçin-de ösüşlerini, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazananlaryny, eksport, syýahatçylyk, taryhy mümkinçiliklerini... mahabatlandyrmak, täze hyzmatdaşlary tapmak, netijede eksporty hem-de importy diwersifikasiýalaşdyrmak babatda uly mümkinçilikdir. Şeýle bolansoň, hormatly Prezidentimiz degişli ýolbaşçylara birnäçe wagt öňünden «EKSPO — 2020» aýratyn taýýarlyk görmelidigi, bu çäräniň döwletimiziň mümkinçiliklerini açyp görkezmekdäki hyzmatyndan ýerlikli peýdalanmalydygy bilen baglanyşykly tabşyryklar we görkezmeler beripdi. Çünki şu we şuňa meňzeş iri göwrümli halkara çäreler dünýä jemgyýetçiligine Türkmenistanyň şu günki ösüşlerini, ýeten sepgitlerini, öňde goýan beýik maksatlaryny görkezmek bilen birlikde, onuň ykdysady kuwwatyny-da açyp görkezýär. Şunda milli Liderimiziň «Ösüş arkaly parahatçylyk» taglymaty aýratyn mazmuna eýedir. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan hoşniýetli we deňhukukly hyzmatdaşlygyň, geoykdysady, geosyýasy mümkinçilikleri, şeýle-de geografik aýratynlyklary parahatçylygyň, agzybirligiň, abadançylygyň hatyrasyna peýdalanmagyň tarapdary bolup çykyş edýär. Bu bolsa halkara jemgyýetçiliginde ýokary goldaw tapýar. Şu nukdaýnazardan alanyňda-da, döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisi Türkmen döwletiniň Berkararlygynyň 30 ýylynda gazanan ösüşlerini, durmuşyň ähli ugurlary boýunça ýeten sepgitlerini äleme äşgär etmekde, daşary döwletler, halkara guramalardyr kompaniýalar, maliýe institutlary bilen özara ynama daýanýan gatnaşyklary giňeltmekde, ýurdumyzda öndürilen we importyň ornuny tutýan harytlaryň eksportyny diwersifikasiýa ýoly bilen artdyrmakda, dünýäniň iň häzirki zaman tejribeleri bilen tanyşmakda we olary milli gazanylanlar bilen utgaşdyrmakda derwaýys ähmiýete eýedir. Ata Watanymyzyň bu ýerdäki milli pawilýonynyň mowzugynyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagynda-da özboluşly many bar. Sebäbi ol BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmeginiň durmuşdaky beýanyny görkezýär.

Ysmaýyl TAGAN,
žurnalist.
Beýleki habarlar