MILLI MIRASY ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA HALKARA HYZMATDAŞLYGYNYŇ ÖSÜŞI

18 Oktýabr 2021
1667

Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryndan biri dünýä-de türkmen halkynyň taryhy-medeni milli mirasyny gorap saklamak we ýaýratmakdyr. Bu ugurda alnyp barylýan giň gerimli işleriň möhümleriniň biri täsin tohum bolan Türkmen alabaýynyň sanyny köpeltmekdir. 2020-nji ýylyň maý aýynda “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasy döredildi, onuň esasy maksady bolsa milli seçip alyş usullaryny we iň gymmatly häsiýetleri gowulandyrmak üçin häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny ulanyp, alabaýlaryň sanyny artdyrmak boýunça milli mekdebiň iň gowy däplerini dowam etdirmekdir. Türkmen alabaýlary beýleki köp tohumlardan tapawutlanýarlar. 2020-nji ýylyň 31-nji awgustynda Halkara “Türkmen alabaý itleri“ assosiasiýasynyň esaslandyryjylarynyň ýygnagy Aşgabatda onlaýn ýagdaýda geçirildi, men oňa Gruziýanyň Kinologiýa federasiýasynyň adyndan gatnaşdym. Bu çärä gatnaşmak we Halkara assosiasiýasynyň döredilmegi bilen gutlamak üçin berlen pursat üçin ýene-de bir gezek sag bolsun aýdasym gelýär. Gün tertibine «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasyny üýtgedip gurmak we onuň binýadynda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasyny döretmek meselesi girdi. Şeýle hem çäräniň çäginde Halkara assosiasiýasynyň Tertipnamasynyň taslamasyna garaldy we tassyklandy, daşary ýurtly agzalary, ýerine ýetiriji komitetiň, gözegçilik we gözegçilik derňew toparynyň agzalary saýlandy.2020-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň işi barada halkara brifing guraldy.Bu brifing diňe bir atçylyk we kinologiýa dünýäsiniň hünärmenlerini we söýüjilerini däl, eýsem, medeni gymmatlyklaryň halklary birleşdirýändigine göz ýetirýän halkara jemgyýetçiligini birleşdirýän bu möhüm gurluşlaryň işiniň esasy ugurlaryny gözden geçirmäge mümkinçilik berdi. Alabaýlaryň türkmen halkynyň durmuşynda möhüm orny eýeleýändigini we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň iň baý medeni mirasyň bir bölegi hökmünde alabaýlary ösdürip ýetişdirmegiň milli däp-dessurlaryny gorap saklamaga hem-de ösdürmäge nähili üns berýändigini bilýäris. Hormatly Prezidentimiziň dünýäde giňden ýaýran bu gadymy tohumyň gelip çykyşy baradaky köp ýyllyk gözlegleri, oýlanmalary, taryhy we edebi maglumatlary jemleýän “Türkmen alabaýy” kitaby, alabaýyň türkmen halkynyň durmuşynda we ykbalynda möhüm orny eýeleýänligi barada gürrüň berilýär. Kitapda aýdylyşy ýaly «Alabaý milli buýsanjymyzdyr. Alabaý Watanymyzyň baýlygydyr. Bu ata-babalarymyz tarapyndan döredilen milli baýlykdyr. Ony gorap saklamak we geljekki nesillerimize bermek biziň borjumyzdyr». Alabaý we at türkmenlerde iň gowy sowgat hasaplanýar. Olar puldan we beýleki zatlardan has gymmatlydyr. Aýratyn ýagdaýlarda bolsa çuňňur hormatyň we dostlukly gatnaşyklaryň nyşany hasaplanýar. Türkmenler ahalteke atlaryna, alabaý itlerine, düýelere ideg etmekde özboluşly aýratynlyklara eýedir. Bu aýratynlyklaryň kömegi bilen, bütin dünýäde meňzeş bolmadyk milli gymmatlyklar döredildi. Alabaý tohumynyň Gruziýa döwletinde örän bellidigini we kawkazly çopanyň itleri bilen birlikde meşhurdygyny bellemek maňa uly hormatdyr. Gruziýa döwletinde hem döredilen assosiasiýanyň kömegi bilen arassa tohumly alabaýlary ösdürip ýetişdirmek üçin mümkinçilik bolar diýip umyt edýärin, bu ugurda türkmen kärdeşlerimiz, türkmen alabaýyny ösdürip ýetişdirýänler, seleksionerler we Assosiasiya bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edip bileris diýip umyt edýärin. Halkara sergilere, sergi-ýarmarkalara ýöriteleşdirilen forumlara gatnaşmak we assosiasiýanyň agzasy bolmak mümkinçiliginiň berlendigine begenýärin we has netijeli hyzmatdaşlygymyza sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Halkara assosiasiýasynyň alyp barýan işleriniň bu täsin tohumyň bütin dünýäde ýaýramagyna goşant goşjakdygyna çuňňur ynanýaryn.

Zaza Omarow.
Gruziýa Respublikasynyň Kinologiýa Federasiýasynyň baş sekretary
Beýleki habarlar