Gymmatly gollanma

14 Oktýabr 2021
2089

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli kitaby lukmançylyk ylmynda uly işleriň biridir. Bu diňe bir türkmen ylmynda däl, eýsem dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginde gymmatly çeşme hasap edilýär. Bu köp jiltlik kitabyň daşary ýurt dillerine terjime edilmegi uly göwrümli ylmy işiň ähmiýetini görkezýär. Ýakynda bu ylmy kitabyň XIII jildi giň okyjylar köpçüligine gowuşdy.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli kitabynyň her bir jildi giň okyjylar köpçüliginde uly gyzyklanma döredýär we ylymda, halk lukmançylygynda gymmatly çeşme bolup hyzmat edýär. Kitabyň çap edilen bu täze jildinde-de ýurdumyzyň dermanlyk ösümlikleri babatdaky ylmy garaýyşlardyr pikirler beýan edilýär. Türkmen topragy dermanlyk ösümlikleriň bitýän ýeri hökmünde köpleriň ünsünde. Bu babatda dünýäniň lukmançylyk ylmynda ykrar edilen gymmatly çeşmelerde beýan edilýär.

Aýjahan BALLYÝEWA,
Ahal welaýat köpugurly hassahanasynyň lukmany.
Beýleki habarlar