«Umyt­ly ýol» — si­ziň yg­ty­bar­ly hyz­mat­da­şy­ňyz

10 Oktýabr 2021
2491

Mäh­ri­ban Ar­ka­da­gy­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, 2008-nji ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň dö­re­dil­me­gi bi­len, ýer­li te­le­ke­çi­le­ri­mi­ziň sa­ny gör­ne­tin art­ýar. Ýur­du­myz­da ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­gi ös­dür­mek­de döw­let gol­da­wy­nyň ge­ri­mi­ni gi­ňelt­mek, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň hu­su­sy­ýet­çi­lik bö­le­gi­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni art­dyr­mak üçin oňaý­ly şert­ler dö­re­dil­ýär. Hä­zir­ki wagt­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ryn­da ge­çi­ril­ýän düýp­li öz­gert­me­le­riň ne­ti­je­sin­de, eda­ra-kär­ha­na­lar za­ma­na­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len üp­jün edil­ýär. Or­naş­dy­ryl­ýan teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň ýo­ka­ry hil­li­li­gi bol­sa has mö­hüm şert­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýar. Bu ugur­da 2020-nji ýyl­da öz işi­ne baş­lan «Umyt­ly ýol» hu­su­sy kär­ha­na­sy ýo­ka­ry hil­li ha­ryt­la­ry­ny hem-de hyz­mat­la­ry­ny hö­dür­le­ýär. Has dog­ru­sy, «Umyt­ly ýol» hu­su­sy kär­ha­na­sy Ger­ma­ni­ýa­nyň hem-de Ita­li­ýa­nyň meş­hur kom­pa­ni­ýa­la­ryn­da ön­dü­ri­len gur­lu­şyk en­jam­la­ry­nyň söw­da­sy­ny ama­la aşyr­ýar. Şol bir­wag­tyň özün­de bu hu­su­sy kär­ha­na­nyň hü­när­men­le­ri söw­da­sy­ny ama­la aşyr­ýan ha­ryt­la­ry­nyň —

ot sön­dü­ri­ji, wi­deo gö­zeg­çi­lik en­jam­la­ry­nyň, lift­le­riň, ýö­re­ýän bas­gan­çak­la­ryň, çil­ler­le­riň gur­na­ma we abat­la­mak hyz­mat­la­ry­ny hem ýe­ri­ne ýe­tir­ýär­ler. Bu bol­sa kär­ha­na­nyň müş­de­ri­ler bi­len ynam­ly hyz­mat­daş­lyk sak­la­ma­gy­na uly ýar­dam ber­ýär. «Umyt­ly ýol» hu­su­sy kär­ha­na­syn­da işi­ne us­sat hü­när­men­ler zäh­met çe­kip, olar gur­na­ma iş­le­ri­ni ýo­ka­ry ne­ti­je­li ýe­ri­ne ýe­tir­ýär­ler.

Mät­gur­ban Mät­gur­ba­now,
TDIM-niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň hal­ka­ra žur­na­lis­ti­ka­sy hü­nä­ri­niň 1-nji ýyl ta­ly­by.
Beýleki habarlar