BAE Älem mak­sat­na­ma­sy­ny işe gi­riz­di

10 Oktýabr 2021
1273

Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri We­ne­ra pla­ne­ta­sy­ny hem-de Gün sis­te­ma­sy­nyň ýe­di as­te­roi­di­ni öw­ren­mek üçin Älem mak­sat­na­ma­sy­ny işe gi­riz­di. Mak­sat­na­ma­nyň çä­gin­de as­te­roid­le­riň bi­ri­niň üs­tü­ne Älem en­ja­my­ny gon­dur­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. «Na­tio­nal» ga­ze­tin­de çap bo­lan mag­lu­mat­la­ra gö­rä, de­giş­li bi­ler­men­le­re «uç­ýan» en­ja­my taý­ýar­la­mak üçin ýe­di ýyl ge­rek bo­lar. Ony 2028-nji ýyl­da Äle­me uçur­mak göz öňün­de tu­tul­ýar.

Mag­lu­mat üçin, Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri 2020-nji ýy­lyň iýul aýyn­da «Al-Amal» pla­ne­ta­ra stan­si­ýa­sy­ny Mar­sa ta­rap gö­nük­dir­di. 2021-nji ýy­lyň 9-njy few­ra­lyn­da bol­sa ol Gy­zyl pla­ne­ta­nyň or­bi­ta­sy­na çyk­dy. Bu uçu­şyň mak­sa­dy, Mar­syň at­mos­fe­ra­sy­ny we ho­wa şert­le­ri­ni öw­ren­mek­den yba­rat­dyr.

Geldimurad ORAZDURDYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.
Beýleki habarlar