Sarpaly mugallym, belli alym hakynda kelam

3 Oktýabr 2021
2314

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda jemgyýetimiziň ähli ugurlarynda durmuşymyza ornaşdyrylýan düýpli özgertmeler ýurdumyzyň raýatlarynyň her biriniň ýaşaýyş şertleriniň ýokarlandyrylmagyna, bagtyýar ýaşamagyny üpjün etmegiň beýik maksatlaryna gönükdirilýär. Watanymyzyň okgunly ösüşleri bilen ýetilýän belent sepgitlerde watansöýüjiligiň, ynsan ahlagynyň we milli terbiýäniň ýörelgelerini özlerine tug edinýän bilim işgärleriniň uly goşandy bardyr. Şeýle bolansoň, mugallymçylykda ajaýyp zähmet üstünlikleri bilen yz galdyran görnükli bilim işgärleri, ussat mugallymlar hakynda söz açasyň gelip dur. Biziň bu söhbedimiz halypa mugallym, belli alym Rejep Berdiýewiň ömri we işi barada bolar.

Filologiýa ylymlarynyň doktory, professor, Türkmenistanyň at gazanan mugallymy Rejep Berdiýew 1931-nji ýylda Bäherden etrabynda dünýä inýär. Orta mekdebi tamamlap, Aşgabatdaky Mugallymçylyk mekdebinde okaýar. Okuwyny dowam etdirmek maksady bilen, paýtagtymyzdaky Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa girýär. Uniwersitetde aýratyn tapawutlanyp okandygy barada mugallymyň döwürdeşleri gürrüň berýärler.

Gülşirin MUHANOWA,
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň «Bilim» ylmy-usuly žurnalynyň baş redaktory.
Beýleki habarlar