Owadan hem oňaýly

1 Oktýabr 2021
2606

Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen döredilýän giň mümkinçiliklerden, döwrebap şertlerden netijeli peýdalanýan türkmen telekeçileri öz alyp barýan önümçilik işlerine has-da döredijilikli çemeleşýärler. Ähli ugurlarda däp bolşy ýaly, ykdysadyýetimiziň hususy pudagyny rowaçlandyrýan işewürler hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny zähmet sowgatlary bilen bellediler. Biz muňa «Ak penjire» hususy kärhanasynda alnyp barylýan işler, önümçiligi ýola goýlan täze görnüşli önümler bilen tanyş bolanymyzda hem aýdyň göz ýetirdik.

Mebel önümleri häzirki zaman durmuşynda adamlaryň ýokary medeniýetli ýaşaýşynyň esasy görkezijileriniň biri bolup, gündelik işjeň ulanylýan önümleriň hataryndadyr. Onuň dürli görnüşleriniň önümçiligine ýöriteleşdirilen «Ak penjire» hususy kärhanasy Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 2016-njy ýylda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylan mebel toplumynda ýerleşýär. Kärhanada şol ýyldan bäri, «Akpen mebel» haryt nyşany bilen, aşhana, ýatylýan otaglar üçin niýetlenilen mebeller, kaşaň otagara gapylar, dürli görnüşli stol-stullar ýaly, ýokary hilli, bezeg taýdan biri-birinden tapawutlanýan mebel önümleri öndürilýär. Ol önümler diňe bir daşky bezegi, owadanlygy däl-de, eýsem, ulanmaga oňaýlylygy bilen hem biri-birinden tapawutlanýarlar. Kärhanada müşderileriň isleglerine görä, islendik görnüşli mebelleri öndürmek, eltip gurnap bermek hyzmatlary hem ýola goýlan. Bu bolsa onuň müşderileriniň sanynyň barha artmagyna ýardam edýär.

Aýmyrat PIRJIKOW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar