Suwuklygy güýçli ýuwudýan guýulary sementlemek usuly

20 Sentýabr 2021
2214

Guýulary düýpli abatlamak işleri boýunça halypanyň hünärmenlere berýän maslahatlary ýaşlar üçin örän gymmatlydyr. Şu nukdaýnazardan ýaşuly, ussat nebitçiniň guýulary sementlemekde toplan tejribesiniň ýazgysyny okyjylarymyza hödürleýäris.

Tebigy taýdan gowşak sementlenen gatlaklardan uzak wagtyň dowamynda önüm alnanda, dürli sebäplere görä, olarda gowaklar, opurylmalar we kanallar ýüze çykýar. Bu hadysa gatlaklaryň guýa daşyndan berilýän erginleri, käbir ýagdaýlarda bolsa, beýleki gatlaklardan alynýan önümi ýuwutmak ukybyny ýokarlandyrýar. Birnäçe guýularda beýleki gatlakdan önümli gatlaga suw geçýär. Oňa keseki suw diýilýär. Guýularda emele gelýän şeýle näsazlyklary düzetmek üçin guýynyň suwuklyk ýuwudýan ýa-da önümli gatlaga keseki suwy akdyrýan gatlagy sement ergini bilen petiklemeli bolýar. Şunlukda, guýynyň daşyndan berilýän ergin, ilkinji nobatda, gidrawliki garşylyklary pes bolan boşluklara hem-de kanallara akyp barýar we olary dyky görnüşinde petikleýär. Bu iş göräýmäge aňsat we ýönekeý ýaly, emma ony iş ýüzünde amala aşyrmak birnäçe çylşyrymly meseleleri çözmekligi talap edýär.

Şirmämmet AŞYROW,
Balkanabat şäheri, pensioner.
Beýleki habarlar