Dostlukly gatnaşyklara ygrarlylyk

27 Awgust 2021
1133

26-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Türkmenistana gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşi kabul etdi. Duşuşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza öz ýurdunyň ýokary ýolbaşçylarynyň iberen mähirli salamyny hem-de aýdan iň oňat arzuwlaryny ýetirdi. Milli Liderimiz hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidentine hem-de Premýer-ministrine mähirli salamyny aýtdy. Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de depginli häsiýetini kanagatlanma bilen nygtady.

"Nesil".
Beýleki habarlar