Häzirki wagtda Türkmenistan Hazar deňzi sebitinde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, köpasyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklar arkaly baglanyşýan Hazarýaka ýurtlaryň halklarynyň arasynda dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň bähbidine mynasyp goşant goşýar.
BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ulag-aragatnaşyk ulgamyna degişli täze Kararnamanyň kabul edilmegi hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli netijeli daşary syýasy ugrunyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň halkara abraýynyň barha belende galýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.