Firmanyň ady we haryt nyşany barada

16 Awgust 2021
3368

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň has-da kämilleşmegi, täze döwrebap kanunlaryň kabul edilmegi ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar.

Muňa «Firma atlary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi aýdyň mysaldyr. Bu Kanun telekeçi ýuridik şahslaryna firma atlary berlende bildirilýän talaplary belleýär we olaryň hukuk goragy çygrynda ýüze çykýan gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär. Kanunda esasy iki düşünjä — firmanyň adyna hem-de haryt nyşanyna orun berilýär.

Beýleki habarlar