Döwletara hyzmatdaşlygy berkitmegiň bähbidine Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy

7 Awgust 2021
990

Awaza, 6-njy awgust (TDH). Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça guralan iri halkara çäreleriň çäklerinde Merkezi Aziýanyň zenanlarynyň dialogy geçirildi. Oňa sebitiň ýurtlarynyň 5-siniň wekilleri, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň hem-de BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Ýewropa we GDA döwletleri boýunça sebitleýin edarasynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Zenanlaryň dialogy Birleşen Milletler Guramasynyň goldaw bermeginde 2020-nji ýylyň dekabrynda Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň wekilleri tarapyndan Merkezi Aziýanyň taryhynda döredilen ilkinji düzümdir.

Surata düşüren Maksat AKMÄMMEDOW.
Beýleki habarlar