Durnukly ösüş — parahatçylygyň girewi

1 Awgust 2021
1000

Durnukly ulag ulgamyny ösdürmek, üstaşyr ulag geçelgeleriniň täze ugurlaryny kesgitlemek we ýola goýmak babatdaky meseleler tutuş dünýä üçin örän derwaýysdyr. Hormatly Prezidentimiziň öňe süren täze başlangyçlary we bu ulgamda düýpli meseleleriň çözgüdine çemeleşmeler baradaky pikirleri bu gün dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Esasan-da, soňky ýyllarda Türkmenistanyň sebitiň ulag hyzmatdaşlygynda öňdebaryjy ýurt hökmünde öz ornuny pugtalandyrmagy bilen baglanyşykly amala aşyrylýan halkara taslamalarda diýseň uly işler edildi. Netijede, Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki zaman görnüşinde dikeldilmegi diňe bir ykdysady babatda däl, eýsem, geosyýasy, medeni, ynsanperwer gatnaşyklar we Merkezi Aziýanyň söwda dolanyşygynyňdyr eksport — import mümkinçilikleriniň kadalaşdyrylmagy babatda-da Türkmenistana hem-de sebitiň beýleki döwletlerine oňyn täsir edýär. Elbetde, ähli hereketler ilki bilen ýurduň ykdysady mümkinçiliklerine täsir edýän bolsa-da, döwletiň abadançylygy, ertirki günleriň eşreti we halkara gatnaşyklaryň rowaçlygy üçin döwlet syýasatynda geosyýasy meseleler has wajyp bolup durýar. Şonuň üçin hem milli Liderimiz halkara ähmiýetli başlangyçlary we taslamalary öňe sürende Türkmenistanyň, ilki bilen, sebitdäki, soňra-da dünýädäki geosyýasy täsiriniň ýaýrawyny has giňeltmegi maksat edinýär.

Alnyp barylýan giň göwrümli işler Beýik Ýüpek ýolunyň täze keşpde janlandyrylýandygyny, bu babatda Türkmenistanyň mümkinçilikleriniň hem goşandynyň ýokarydygyny görkezýär. Milli Liderimiziň transmilli ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça öňe sürýän teklipleri netijesinde, halkara demir ýollaryny döretmek babatdaky iri taslamalar sebitleriň we yklymlaryň arasyndaky parahatçylygyň, asudalygyň, medenidir ynsanperwer gatnaşyklaryň berkemegine-de gulluk edýär. Bu bolsa döwlet Baştutanymyzyň daşary syýasy strategiýasynyň artykmaçlygynyň esasyny emele getirýär.

Ysmaýyl TAGAN,
žurnalist.
Beýleki habarlar