Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri: oňyn hyzmatdaşlyk ýoly bilen

30 Iýul 2021
1166

28-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Alhaý Hamad Hamis Al Hamelini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al-Nahaýýanyň we BAE-niň şeýhler maşgalasynyň agzalarynyň hormatly Prezidentimize iberen mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Ilçi hemişelik Bitaraplyk derejesine daýanýan parahatçylyk söýüjilikli, döredijilikli syýasaty alyp barýan we durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistanda Birleşen Arap Emirliklerine wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, birek-birege hormat goýmak we deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Milli Liderimiz Birleşen Arap Emirlikleriniň ýokary ýolbaşçy düzümine hoşniýetli sözlerini ýollap, diplomaty bu jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we oňa bilelikdäki iş boýunça köpýyllyk tejribä hem-de dürli ugurlarda ägirt uly mümkinçiliklere daýanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakda üstünlikleri arzuw etdi.

"Nesil".
Beýleki habarlar