Adam hukuklaryny üpjün etmek boýunça pudagara toparyň mejlisi

26 Iýul 2021
989

Aşgabat, 24-nji iýul (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Adam hukuklary babatda halkara borçnamalaryň we halkara ynsanperwer hukugyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Milli Geňeşiň Mejlisiniň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Gün tertibine bu düzümleriň ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garamak girizildi. Şeýle hem BMG-niň ýöriteleşdirilen agentlikleri, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi we beýleki halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň geljekki wezipeleri hem-de möhüm ugurlary kesgitlenildi.

Beýleki habarlar