11 mi­nut­da kos­mo­sa gi­dip gel­di

22 Iýul 2021
1883

«Ama­zon» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň esas­lan­dy­ry­jy­sy Jeff Be­zo­syň eýe­çi­lik ed­ýän «Blue Ori­gin» kom­pa­ni­ýa­sy­na de­giş­li ra­ke­ta il­kin­ji adam­ly uçu­şy­ny ama­la aşyr­dy. Bu uçu­şa Be­zos bi­len bi­le­lik­de onuň ini­si Mark, kos­mo­sa çy­kan iň gar­ry adam ady­na eýe bo­lan 82 ýaş­ly Wal­li Fank, kos­mo­sa çy­kan iň ýaş adam bo­lan 18 ýaş­ly Oliw­ýer Dea­mon gat­naş­dy. Kos­mos sy­ýa­ha­ty­nyň tä­sin ta­ra­py kos­mos gä­mi­si­ni do­lan­dyr­ýan hiç hi­li eki­pa­žyň ýok bol­ma­gy. Ra­ke­ta­nyň ýo­kar­sy­na ýer­leş­di­ri­len gä­mi kos­mo­syň çä­gi­ne ýe­ten­den soň­ra ra­ke­ta­dan bö­lü­nip aý­ryl­ýar. Ra­ke­ta dik­li­gi­ne ýe­re gon­ýar we ony gaý­ta­dan ula­nyp bol­ýar. «New She­pard» at­ly kos­mos gä­mi­si bol­sa aw­to­mat usul­da pa­raş­ýut ar­ka­ly ýe­re düş­ýär. ABŞ-nyň Te­has şta­tyn­dan ho­wa gö­te­ri­len kos­mos gä­mi­si bi­len 107 ki­lo­metr be­len­de çy­kan adam­lar Ýe­riň dar­tyş güý­jü­niň bol­ma­dyk ýe­rin­de ba­ry-ýo­gy 1,5 mi­nut wagt ge­çir­di­ler. Tä­sin uçuş in­ter­net ar­ka­ly gö­ni ýaý­lym­da köp­çü­li­ge ýe­ti­ril­di. Bu uçuş adam­za­dyň Aýa il­kin­ji aýak ba­san gü­nü­niň 52-nji ýy­ly­na ga­bat ge­ti­ril­di.

Do­lu­ly­gy­na aw­to­mat usul­da he­re­ket ed­ýän ra­ke­ta-kap­su­la bo­lan «New She­pard» kos­mos gä­mi­si kos­mo­sa uçu­ry­lan iň uly pen­ji­re­li gä­mi bol­dy. 11-nji iýul­da iň­lis işe­wü­ri Ri­çard Bron­son hem «Vir­gin Ga­lactic» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň iş­läp taý­ýar­lan gä­mi­si bi­len 90 ki­lo­metr be­len­de ga­lyp­dy. «Uni­ty-2» gä­mi­si Bran­son bi­len bi­le­lik­de je­mi 6 ada­my kos­mo­sa äki­dip­di.

Beýleki habarlar