Hyzmatdaşlyk berkIdilýär

30 Iýun 2021
925

Öňňin diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem, tutuş ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli taryhy wakalar bolup geçdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan gününde Aşgabadyň ajaýyp künjekleriniň birinde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda kaşaň «Arkadag» myhmanhanasynyň açylyş dabarasy boldy. Hakyky baýramçylyga öwrülen bu dabara daşary ýurtly myhmanlaryň hem ençemesi gatnaşdy. Olar mähriban halkymyzyň baýramçylyk şatlygyny deň paýlaşdylar.

Şol gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretary Hadi Soleýmanpury, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türksoý) Baş sekretary Bagdat Amreýewi, «Lukoýl» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy, «KAMAZ» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Sergeý Kogogini, Fransiýanyň meşhur «Bouygues Batiment International» kompaniýasynyň prezidenti — Baş direktory Marten Buigi, «Altkom» maliýe-senagat toparynyň başlygy Aleksandr Tislenkony, Ukrainanyň «Interbudmontaž» gurluşyk assosiasiýasynyň müdirýetiniň başlygy Wladimir Petrugy kabul etdi, şeýle hem BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini ýerine ýetiriji, BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Kristina Weýgand bilen söhbetdeş boldy.

Beýleki habarlar