Gazçylaryň tagallalary

23 Iýun 2021
986

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly ykdysady syýasaty rowaçlanyp, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ykdysady ösüşiniň gadamy batlanýar. Bagtyýarlyk zamanamyzda döwlet Baştutanymyzyň ýadawsyz aladasy bilen gaz senagatyny ösdürmekde, tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmakda uly işler bitirilýär. Ýurdumyzyň mawy ýangyjy daşary ýurtlara eksport etmekdäki mümkinçilikleri ýokarlanýar. Bu energiýa çeşmesiniň alnyşyny ýokarlandyrmakda “Marygazçykaryş” müdirliginiň gazçylarynyň gazanýan üstünliklerem guwandyrýar. Müdirligiň zähmetsöýer adamlary tebigy gazy çykarmakda, ony senagat taýdan gaýtadan işlemekde uly tagallalary edýärler. Ady agzalan müdirligiň bölümleriniň her biriniň işgärleri öz öňlerinde durýan wezipelere abraý bilen hötde gelmek üçin gujur-gaýratly zähmet çekýärler. Edermen gazçylaryň birleşen tagallalary bolsa, tebigy gazyň akymynyň artmagynda uly ähmiýete eýe bolýar.

Gürrüňi edilýän müdirligiň 1-nji sehi hem öňdebaryjy düzüm birlikleriň biri bolup, sehiň zähmetsöýer gazçylary tebigy gazy çykarmakda we sarp edijilere ugratmakda işeňňirlik görkezýärler. Olaryň tutanýerli zähmeti bilen gowy netijeler gazanylyp, bellenilen tabşyryklar abraý bilen berjaý edilýär. Tagtabazar-1 gaz käni diýlip tanalýan bu gaz käninde ene toprakdan mawy ýangyjy çykarmakda, ony senagat taýdan gaýtadan işlemekde degerli işler alnyp barylýar.

Beýleki habarlar