Döredijilikli ösüşiň sanly ugry

4 Iýun 2021
2179

Häzirki döwürde ylym we tehnika örän çalt depginler bilen ösýär, telekommunikasiýa durmuşymyzyň köp bölegini eýeleýär. Islendik ýurduň ykdysadyýetiniň çalt depginler bilen ösmeginde telekommunikasiýa ulgamynyň uly paýy bar. Milli Liderimiziň tagallasy bilen, Türkmenistan kosmosy we innowasion tehnologiýalary özleşdirmekde köp öňegidişlikleri gazanmagy başardy. «Türkmen Älem 52° E” emeli hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagy, Tehnologiýalar merkeziniň açylmagy, elektron hökümeti döretmekde geçirilýän çäreler, ýurduň bank ulgamynda elektron hasaplaşyklaryň çäginiň giňeldilmegi we beýleki durmuşa geçirilýän işler ösüşiň bu ugruna täze badalga berdi.

Hemra aragatnaşygy ylmyň we tehnikanyň soňky onýyllyklarda dörän täze ugrudyr. Ol älem tehnikasynyň, kosmos tilsimatlarynyň, informatikanyň hem-de sanly aragatnaşyk tehnikasynyň ulanylyş çäkleriniň iň soňky gazananlaryna esaslanýar. Elektrik aragatnaşyk torunyň dünýä boýunça ösüş depgini adamzat jemgyýetiniň senagat taýdan ösüş tapgyryndan maglumatlar tapgyryna geçmäge esaslanýar. Bu ösüş depgini geçen asyryň ahyrlarynda, aragatnaşyk ulgamynyň maglumat alyş-çalşygynyň sanly görnüşine geçenden soňra emele gelip başlady. Kiçi ölçegli antennaly aragatnaşyk terminallar toruny ulanyşa ornaşdyrmak işleri işjeň dowam etdirilýär. Ol dünýä boýunça terminallaryň umumy sanynyň artmagyna getirýär. Ýerüsti aragatnaşyk tory bilen sazlaşdyrylan şahsy we hereketlenýän hemra aragatnaşyk ulgamynyň döredilmegi ХХI asyryň başynda aragatnaşyk tehnologiýasynyň ösüş depgininiň täze tapgyryna badalga berdi.

Kaýumberdi ALLABERDIÝEW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar