Uly alada

17 Maý 2021
1110

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, türkmen sportuny dünýä derejesine çykarmak baradaky görkezmelerinden ugur alnyp ilaty sporta çekmekde uly işler ýola goýulýar. Ýaşlarymyzyň bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli we netijeli meşgullanmaklary üçin ähli zerur şertler döredilendir. Baýramaly şäher “Berkarar” sport desgamyzda hem ýaş türgenler barada uly aladalar edilýär. Olaryň ata-eneleri bilen yzygiderli aragatnaşyk saklanyp, wagtlaýyn tertibiň kadalaryna laýyklykda wagyz-nesihat işleri geçirilýär.

Häzirki wagtda bolsa, her bir ynsanyň öz saglygyny gorap, ýokanç keselleriň öňüni almak bilen bagly wezipelere goşant etmek şu günki günde jogapkärli iş bolup durýar. Saglyk bagtyýarlyga eltýän esasy ýollaryň biridir. Hut şonuň üçin-de her bir ynsan öz saglygy barada alada etmelidir. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerine giň ýol açýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, tutumly işleri rowaç alsyn!

Beýleki habarlar