Sag başym — soltan başym

17 Maý 2021
1137

Erkeklik mäziniň howply täze döremeleri onkourologiýa degişli keselleriň içinde giňden ýaýran keselleriň biridir. Häzirki wagtda bu kesel 50 ýaşdan uly ýaşly adamlarda köp duş gelýär. Bu keseliň esasanam, bu keseli başdan geçirenleriň ýakyn garyndaşlarynda, jyns ýollarynyň dowamly sowuklama keselleri bilen kesellän adamlarda, mal ýaglaryny köp ulanýan adamlarda, şeýle hem A witamininiň ýetmezçiligi ýüze çykan adamlarda, we semiz adamlarda döräp bilmek ähtimallygy ýokary bolýar.

Bu keseliň alamatlary peşew çüwdüriminiň peselmegi, peşewiň kynlyk bilen gelmegi, peşewhaltanyň doly boşaman galmagy, peşewiň tiz-tiz gelmegi, peşewi saklap bilmezlik, peşew ýollarynyň sowuklamagy, peşewde ganyň bolmagy, peşewiň agyryly gelmegi, çatalbada agyrynyň bolmagy, jynsy gatnaşyga işjeňligiň peselmegi, bilde agyrynyň bolmagy, böwregiň işjeňliginiň peselmegi ýüze çykýar. Kesel ötüşen ýagdaýynda peşew ýollarynyň gysylmasy esasynda näsag horlanyp başlaýar, bilinde agyry bolýar, gan zäherlenmegi sebäpli ukuçyllyk ýüze çykýar we deride gan inmeler döreýär, süňkler zeperlenýär.

Beýleki habarlar