Rowaçlyga beslenýär

17 Maý 2021
1015

Etrabymyzyň lukmanlary jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde ýylyň her bir paslynda döreýän möwsümleýin ýokanç keselleriň öňüni almak ugrunda meýilnama esasynda degerli işleri amala aşyrýarlar. TMÝG-niň etrap geňeşiniň ýaşlaryň arasynda “Sport — saglygyň sakasy” diýen at bilen geçirýän wagyz-nesihat çäreleri öz miwesini hem berýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bagtyýar halkymyzyň saglygy barada alada ilkinji orunda saklanýar. Döwlet Baştutanymyzyň ýaş nesliň berk bedenli, sagdyn ruhly bolmagy baradaky aýdyň maksatnamalary rowaçlyklara beslenýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eşretli durmuşyň hözirini görýän halkymyzyň köpçülikleýin bedenterbiýe we sporta höwes bilen gatnaşmagy üçin döwrebap, amatly şertler döredildi. «Türkmenistan ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdudyr!” diýlen çagyryşdan ugur alyp, eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde ýaşlarymyza niýetlenilen döwrebap sport mekdepleriniň, stadionlaryň, sport desgalarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi hem muňa mysaldyr.

Beýleki habarlar