Sagdyn durmuş ýörelgesi — ýaşlaryň göreldesi

17 Maý 2021
1074

Ajap zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüşlere, özgerişlere eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň aýdyň maksatnamalaryndan ugur alyp, ertirki güne ynamly barýarys. Bu günki gün ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, bedenterbiýä hem-de sporta köpçülikleýin girişmegi olaryň saglygyna, sagdynlygyna ýol açýar. Ata Watanymyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, etrabymyzda hem ynsan saglygy, keselleriň öňüni almak barada geçirýän çärelerimiz miwesini berýär. Çünki, TMÝG-niň etrap geňeşi Arkadag Prezidentimiziň eziz Diýarymyzyň berkararlygy, bagtyýar halkymyzyň döwletli döwranda, eşretli durmuşda ýaşamagy barada edýän tutumly işleriniň rowaç almagy biz — ýaşlarda uly hyjuw döredýär.

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda etrap geňeşimiziň işgärleri hem “Sagdyn durmuş ýörelgesi — ýaşlaryň göreldesi” ady bilen geçirýän duşuşyklarymyzda sport bilen meşgullanmagyň beden sagatlygyňy üpjün etmekligiň täsiriniň uludygyny düşündirýäris.

Beýleki habarlar