«Baýramaly» şypahanasynyň taryhy hem şu güni

16 Maý 2021
1542

Melhemler mekany bolan eziz ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny dikeltmekde şypahanalar saglygy goraýyş ulgamynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup hyzmat edýär. Şeýle tebigy melhemlere baý şypahanalaryň biri hem «Baýramaly» şypahanasydyr. Şypahana Gün şöhlesi bilen bilelikde nerw ulgamy, ýürek, gan-damar kesellerine peýdaly bejergileri bilen, beýleki şypahanalardan tapawutlanýar. Bu şypahana tebigy, ýagny, yssylyk we guraklyk ýaly aýratynlyklary has çuň öwrenilen, böwrek kesellerini bejermek üçin dünýäde iň amatly ýer diýlip hasap edilýän şypahanadyr.

Taryhy çeşmelere görä, «Baýramaly» şypahanasy Ýer şarynda Gün şöhlesiniň dik düşýän merkezinde ýerleşendir. Şonuň üçin hem Gün bejergisi şypahananyň iň netijeli emidir. Bu ýeriň howasy gurak bolup, çyglylygy Gara deňziň kenaryndaky çyglylykdan 20 esse azdyr. Gyş paslynda güýçli şemalyň bolmazlygy şypahanada ýylyň dowamynda bejergi almaga mümkinçilik berýär. Şeýle amatlyklar göz öňünde tutulyp, 1929-njy ýylyň 23-nji iýunynda Baýramaly klimatik melhemhana (kurort) diýlip yglan edilýär.

Maýagül GARAJAÝEWA,
Aşgabat şäheriniň 16-njy saglyk öýüniň maşgala şepagat uýasy.
Beýleki habarlar