Ajaýyp şypahana

16 Maý 2021
905

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda adam we onuň saglygy hakynda alada döwletimiziň iň ileri tutýan ugrudyr. Gözel paýtagtymyzy etekläp oturan, gojaman Köpetdagyň gujagynda, Bagabat jülgesinde täze bina edilen «Bagabat» şypahanasy hem munuň aýdyň mysalydyr.

Ata-babalarymyzyň: «Görmäge göz gerek, taryplamaga — söz» diýişleri ýaly, täze, döwrebap şypahana göreni haýrana goýýar. Ilki bilen, baran badyňa şypahananyň owadan, millilige ýugrulan keşbi, al-asmanda pasyrdap duran ýaşyl baýdagymyz ünsüňi özüne çekýär. Şeýle hem dagyň jana şypa beriji tämiz howasy, daş-töweregi gurşaýan ösümlik dünýäsiniň hoşboý, maýyl ediji anbar ysy, üns bilen diňşirgenseň, golaýdaky çeşmeleriň şyrlaýyp akýan pessaýja sesi, bagdaky dürli guşlaryň saýraýan şirin sesli owazy, göýä, seni ertekilerdäki mahabatlandyrylýan erem bagyna düşen ýaly edýär.

Nurgözel KÖMEKOWA,
Aşgabat şäheriniň 16-njy Saglyk öýüniň maşgala lukmany.
Beýleki habarlar