Arassa ekologiýanyň, saglygyň, sportuň sazlaşygy

15 Maý 2021
1034

Sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň mekanyna öwrülen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan işleriň, badalga berilýän başlangyçlaryň, tutumlaryň özeninde adamlaryň sagdyn, bagtyýar durmuşyny üpjün etmekligiň durýanlygy döwrümiziň ajaýyp hakykatydyr. Hormatly Prezidentimiziň hepdäniň sişenbe güni gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygynyň hormatyna yglan edilen, adamlaryň sagdyn durmuşy üçin amatly gurşawy döretmäge, ekologik abadançylygyň ýokary derejesini üpjün etmäge hem-de arassaçylyk kadalaryny berjaý etmäge gönükdirilen ekologiýa çäreleriniň çäklerinde köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga bermegi-de şeýle tutumlaryň, başlangyçlaryň dowamat-dowamdygynyň subutnamasy bolup dabaralandy.

Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkidilmegine, welosiped sürmegi halaýanlaryň sanynyň artmagyna, täze ekologik medeniýetiň kemala gelmegine, şeýle hem daşky gurşawyň ýagdaýy üçin jemgyýetçilik jogapkärçiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen köpçülikleýin ekologiýa we sport çäreleriniň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Şeýle çärelere döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagy bolsa, her bir türkmenistanly üçin nusgalyk görelde bolup, olara bagtyýar raýatlarymyzyň ruhubelentlik bilen gatnaşmaklary guwanylmaly, buýsanylmaly ýagdaýdyr.

Aşyrberdi GURBANOW,
«Balkan».
Beýleki habarlar