Otag gülleriniň peýdasy

15 Maý 2021
1541

Gyzyl köz ýaly çigildemler, al-elwan gülälekler, parç bolup açylan bägüller görenleriň gözüni dokundyrýar, ruhuny göterýär. Aýdyşlaryna görä, gülli meýdan jennetiň bir bölegine meňzeýär. Güller biziň gözel durmuşymyzyň, ajaýyp ýaşaýşymyzyň, bagtyýarlygyň aňlatmasydyr. «Göz görmekden doýmaz» diýlişi ýaly, gül adama berlen eşretleriň biri. Ol diňe bir daş-töweregimizi bezemek bilen çäklenmän, eýsem, ruhy dünýämizi hem baýlaşdyrýar. Gazetimiziň «Saglyk» burçunda bolsa biz diňe bir gülleriň ajaýyplyklary hakynda däl, eýsem, olaryň adam saglygyna peýdasy barada hem okyjylarymyza gürrüň bermegi makul bildik.

Adamzat durmuşynda bir zada oňat deňeşdirme berlende, «gül ýaly» diýen söz düzümi ulanylýar. Tebigatymyzyň ajaýyp bezegi bolan gülleriň ösdürilip ýetişdirilmegi belli bir derejede ynsan zähmetini talap edýär. Yhlas siňdirilip ýetişdirilen ajaýyp güller adamzada çäksiz ruhy lezzet paýlaýar. Ynsan üçin öz eli bilen döreden gözelligini görüp guwanmak uly bagtdyr. Köçelerde, ýaşaýyş jaýlarynyň we edara-kärhanalaryň meýdançalarynda al-elwan öwsüp oturan gülleri gören her bir adamyň argynlygy aýrylyp, ruhy dünýäsine röwşenlik çaýylýar. Şol sebäpden adamlar gülleri diňe bir meýdanda ýetişdirmän, öýlerinde, otag şertlerinde hem ýetişdirýärler. Dürli otag gülleri diňe bir öýümize bezeg bermän, eýsem, biziň saglygymyz babatda hem «alada» edýär. Otag gülleri howany çyglandyryp, ony zyýanly galyndylardan arassalaýar.

Aýsenem NURLYÝEWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar