Saglygym — baş baýlygym

14 Maý 2021
977

Hormatly Prezidentimiziň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 25 ýyllygyny geçen ýyl mähriban halkymyz uludan belläp geçdi. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy hormatly Arkadagymyzyň çuňňur parasaty bilen geçen sanlyja ýyllaryň içinde uly ösüşlere beslendi. Adamyň saglygy diňe bir onuň özüniň däl-de, eýsem, döwletiň hem esasy baýlygy hasap edilýär. Hut şonuň üçin hem saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, halkymyzyň saglygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hataryna çykaryldy. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip düzülen hem-de kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy bu ugurdaky ägirt uly işleriň ilkinjileriniň biridir. Şol birwagtyň özünde, tebigatyň jana şypa melhemlerinden peýdalanmak maksady bilen, güneşli Diýarymyzda şypahana ulgamyny ösdürmäge hem möhüm ähmiýet berilýär. Bu ugurda Türkmenistanda şypahana ulgamyny ösdürmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň kabul edilmegi aýratyn bellärliklidir.

Ýurdumyzyň şypahanalary hakynda gürrüň edilende «Berzeňňi» şypahanasynyň melhemlik suwy ynsan saglygy üçin aýratyn ähmiýetlidir. «Berzeňňi» şypahanasy Aşgabadyň günortasynda, Merkezi Köpetdagyň eteginde ýerleşmek bilen, paýtagtyň Kardiologiýa ylmy-kliniki merkeziniň ylmy-balneologiki bölümidir. Bu ýerde dik guýudan sekuntda 7 litr mineral suwy ýokary atylyp çykýar. Onuň düzüminde sulfat, magniý, kaliý bardyr. Bu täsin suw hemişe 37 gradus ýylylyk derejesinde saklanýar. Häzirki wagtda «Berzeňňi» şypahanasynda ötüşmedik keselleriň bejerilişi we profilaktika boýunça ýylyň bütin dowamynda näsag adamlara hyzmat edilýär. Özünde taý tapylmaýan iono-kation düzümi hem-de köpsanly mikroelementleri saklaýan bu ajaýyp suw giň bejeriş mümkinçiliklere eýedir. Ol agyr ýokanç kesellerden soň adamyň bedeniniň çalt dikelmegine, onuň ýokanç kesellere garşylygyny ýokarlandyrmaga netijeli ýardam berýär. Munuň üçin bu ýerde ähli şertler döredilendir. Otaglaryň ählisi häzirki zaman lukmançylyk enjamlary — ultrases öňüni alyş enjamy, ýüregiň elektrokardiografiýasy (EKG), ýüregiň holterow monitirlenmegi, şöhle bilen bejeriş, parafin we ozokerit bilen bejeriş, iňňerefleksoterapiýa bejerilişi hem-de bedenterbiýe otagy bilen üpjün edilendir. Elbetde, esasy bejeriş usuly mineral suwy bolup durýar. Ol wanna, duş we gidroowkalama arkaly geçirilýär.

Aşyr KAKAÝEW,
«Aşgabat».
Beýleki habarlar