Kesgitlenen aralyk saklanýar

14 Maý 2021
873

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi tarapyndan meýilleşdirilen sport çäreleri, okuw-türgenleşik sapaklary we ýygnanyşyklary geçirmegiň wagtlaýyn tertibi esasynda degerli işleri geçirýäris. Dünýäde we sebitde ýiti ýokanç keselleri bilen bagly durnuksyz epidemiologiki ýagdaýyň dowam edýändigini nazara alyp, sport mekdebimizde kesgitlenen aralygy saklamak, berjaý etmek üçin türgenleriň sany çäklendirilip, iki çalşykly okuw-türgenleşik sapaklary guralýar. Türgenleşik mahalynda türgene düşýän meýdança 5 metrden saklanmagy tabşyrýarys. Türgenleriň saglyk ýagdaýlary hakynda kepilnamasynyň bolmagy üpjün edilýär we olar türgenleşik wagtyny hasaba almazdan başga wagt agyz-burun örtüklerini ulanýarlar.

Sport mekdebimiziň girelgesinde ýörite berkidilen şepagat uýasy tarapyndan türgenleriň we sport işgärleriniň burnuna oksolin melheminiň çalynmagy, elleriniň zyýansyzlandyryjy erginleri bilen zyýansyzlandyrylmagy hem-de olaryň beden gyzgynyny aralykdan ölçenilmegi guralýar. Şeýle hem sport edaramyzyň binasynyň girelgelerinde aýak-gaplaryny zyýansyzlandyrmak üçin zyýansyzlandyryş ergini bilen öllenip durulýan düşekçeler bilen üpjün edilýär. Sport zallarynda ýuwujy we zyýansyzlandyryjy serişdelerini ulanyp, çygly arassaçylyk işleri her 2 sagatdan geçirilýär. Şonuň ýaly-da sport zallary her 2 sagatdan, şeýle hem türgenleşikden öň we soň şemalladylyp durulýar.

Beýleki habarlar