Her gymmatly eseriňiz, zamanaň bagty, Arkadag!

12 Maý 2021
875

Ata-babalarymyzdan gelýän milli ýörelgelerimize pugta uýýan halkymyz toýa sowgatly barmak däbini döwletliligiň nyşany hasaplaýar. Ine, hormatly Prezidentimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitaby gözel paýtagtymyzyň döredilmeginiň şanly 140 ýyllyk toýuna ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy. Täze kitap bagtyýarlyga beslenip ýaşaýan halkymyz, aýratyn-da, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzy gözüniň göreji deýin ezizleýän Watan goragçylarymyz tarapyndan gyzgyn garşylanyldy.

Öňňin bolsa Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, harby gullukçylary, işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Dabaranyň başlanmagynyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar Merkezi serkerdeler öýünde guralan sergä tomaşa etdiler. Sergide gözel paýtagtymyzyň waspyny ýetirýän bezeg diwarlyklaryna, heýkeldir nakgaşçylyk işlerine, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren ajaýyp kitaplaryna aýratyn orun berildi.

Nurmyrat ÇARYÝEW,
maýor.
Beýleki habarlar