Suwdan rejeli we netijeli peýdalanmak azyk bolçulygynyň binýadydyr

5 Maý 2021
835

4-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, “Miwe” açyk paýdarlar jemgyýetiniň önümçilik işi hem-de onuň inžener-tehniki düzümleriniň desgalary bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumynda suwdan rejeli peýdalanmaklyga we tutuş suw hojalyk ulgamyna degişli meselelere aýratyn üns berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň dikuçary Kaka etrabynda ýerleşýän “Miwe” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ekin meýdanlaryny suw bilen üpjün edýän suw göteriji bekediň golaýyndaky ýörite meýdança gonýar.

«Balkan».
Beýleki habarlar