Aşgabadym — ak göwünleriň aýdymy

5 Maý 2021
867

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen Aşgabadyň esaslandyrylmagyna 140 ýylyň dolmagy döwletiň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyny täze mazmun bilen has-da baýlaşdyrýar. Häzirki wagtda Aşgabady ösdürmek, täze desgalaryň gurluşygyny we onuň durmuş düzümini toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly işler hormatly Prezidentimiziň üns merkezinde saklanýar.

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň paýtagty Aşgabat Garaşsyzlyk ýyllary içinde belent ösüşlere eýe boldy. «Arkadagyň ak şäheri Aşgabat» diýlip söýgülenýän paýtagtymyz bu gün agzybir halkymyzyň mähir-söýgüsinden kemal tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Aşgabat şäherinde döwrebap hem ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, Saglyk öýleri, okuw mekdepleri we çagalar baglary yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň asuda ýaşamaklary, medeniýetli dynç almaklary üçin iň oňaýly hem amatly şertleri döretmek, şähergurluşyk ulgamyny has-da kämilleşdirmek üçin ägirt uly işler amala aşyrylýar.

Döwlet PETDILAÝEW,
Lebap welaýatynyň Saýat etrabyndaky 13-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar