Aşgabat toý lybasyna beslenýär

5 Maý 2021
882

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň geçip barýan her bir güni bizi ajaýyp seneleriň birine — Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna barha golaýlaşdyrýar. Bu şanly sene hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli ak mermerli paýtagtymyzda giň gerimli dabaralar we çäreler guralýar. Ýurdumyzyň baş şäherini abadanlaşdyrmak we baýramçylyk lybasyna beslemek boýunça hem netijeli işler amala aşyrylýar. Häzir ýurdumyzyň baş şäheriniň haýsy künjegine barsaň-da, arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň giň gerimde alnyp barylýandygynyň şaýady bolýarsyň.

Ýaşaýşyň ýokary ölçeglerini üpjün etmäge gönükdirilen tagallalaryň görülmegi netijesinde, Aşgabat dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin has oňaýly şäherleriniň biri, iri çäreleri geçirmek hem-de köpsanly daşary ýurtly myhmanlary mynasyp garşylamak üçin ähli şertler döredilýän sebit we halkara hyzmatdaşlygynyň ykrar edilen merkezi derejesini barha pugtalandyrýar. Ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp binagärlik toplumynyň üsti her ýyl täze özboluşly binalar we desgalar bilen ýetirilip, häzirki Türkmenistanyň aýratyn buýsanjyna, depginli ösüşiniň görkezijisine öwrülýär.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar