Azyk bolçulygynyň esasy sütüni

5 Maý 2021
865

4-nji maýda hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, «Miwe» açyk paýdarlar jemgyýetiniň önümçilik işi hem-de onuň inžener-tehniki düzümleriniň desgalary bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumynda suwdan rejeli peýdalanmak we tutuş suw hojalyk ulgamyna degişli meselelere aýratyn üns berdi.

Obasenagat toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmek hem-de onuň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň durmuşa geçirýän ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şol strategiýa bolsa halk hojalygynyň ähli pudaklaryny özgertmäge we döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir. Obasenagat ulgamynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler ony diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga, dürli görnüşli, ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmaga ýardam edýär.

«Watan».
Beýleki habarlar