Sanly ulgam arkaly iş maslahaty

5 Maý 2021
937

3-nji maýda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek, şeýle hem öňde boljak baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly iş maslahatynyň dowamynda degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňledi.

«Watan».
Beýleki habarlar