Ynsanperwerlik — milli ýörelgämiz

5 Maý 2021
849

Döwletiň bagtyýarlygy onuň her bir raýatynyň aýratynlykda bagtlylygy bilen häsiýetlendirilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen berkarar bolan döwletimiz bu gün her bir türkmeniň beýik arzuw-hyýallarynyň, belent maksatlarynyň wysal bolan jemidir. Bu berkararlygyň kökleri biziň döwlet gurmakda goja dünýä özboluşly mekdep goýan beýik pederlerimiziň milli ýörelgelerinden gözbaş alýar.

Asyrlardan-asyrlara ynsanperwerlik ýörelgesi, ilkinji nobatda, adam baradaky alada halkymyzyň milli häsiýeti hökmünde dabaralanypdyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň öz Gahryman Arkadagynyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesinden ruhlanyp saýlap alan ýoly hem hut şol pederlerimiziň beýik ýörelgeleriniň dowamatydyr. Ýaňy dünýä gelen bäbejiklerden başlap, ýaşuly neslimize çenli ýurdumyzyň ähli raýaty bu gün bu milli ýörelgäni öz şahsy durmuşlarynda sözüň doly manysynda duýup ýaşaýar. Munuň şeýledigine halkymyzyň durmuşyndan ýüzläp mysallary getirmek bolar. Şolaryň iň esasysy hökmünde bolsa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň birinji bilelikdäki mejlisini ýatlap geçmek ýerliklidir. Şol gün «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bolup geçen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň birinji bilelikdäki mejlisinde halkymyz öz milli Liderini biragyzdan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlyklygyna saýlady. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň saýlan ynsanperwerlik, adalatlylyk we sahawatlylyk ýörelgelerini özünde jemleýän döwlet dolandyryş ulgamynyň halkymyz tarapyndan doly oňlanylýandygyny hem goldanylýandygyny ýene-de bir ýola subut etdi.

Ata SERDAROW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty.
Beýleki habarlar