Kämil jemgyýetiň binýady

5 Maý 2021
773

«Demokratiýanyň we ýeke-täk dolandyryşyň ilkinji sapaklary maşgaladan başlanýar. Maşgala türkmen jemgyýetiniň binýady bolup durýar» diýip, parasatlylyk bilen belleýän hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasynda adamlar, olaryň abadançylygy, asudalygy, saglygy hem-de jemgyýetimizde maşgala binýatlarynyň berk bolmagy baradaky aladalar durýar.

Türkmen maşgalasynyň esaslaryny goramak we berkitmek, onuň maddy üpjünçiligini gowulandyrmak öňümizde durýan wajyp wezipedir. Jemgyýetiň her bir agzasynyň edebiniň-terbiýesiniň gözbaşy maşgaladan gaýdýar. Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasynda hem, maşgala jemgyýetiň iň kiçi öýjügidir diýip bellenilýär. Ähli döwürlerde adamzat jemgyýetiniň esas goýujy we aýrylmaz bölegi hökmünde nika we maşgala aýratyn gymmatlyk hökmünde garalypdyr. Şol sebäpli maşgalanyň emele gelmegi, hereket etmegi we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, şol sanda onuň hukuk goraglylygy bilen bagly meseleler hemişe wajypdyr.

Gülşirin ILAMANOWA,
Mary welaýatynyň Ýolöten etrap kazyýetiniň kazysy.
Beýleki habarlar