Dost-doganlygyň nyşany

5 Maý 2021
835

Golaýda welaýat häkimliginiň, TDP-niň TAP-nyň welaýat komitetleriniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň, TZB-niň welaýat bölüminiň hem-de TMÝG-niň welaýat geňeşiniň bilelikde guramagynda maslahat geçirildi. Welaýat häkimliginde bolan bu maslahat hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly gymmatly eseriniň özbek dilinde neşir edilmegi bilen bagly geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, bilim, medeniýet ulgamlarynyň işgärleri gatnaşdylar.

Maslahatda TDP-niň Mary şäher komitetiniň başlygy Hekimberdi Orazberdiýew, Murgap etrap bilim bölüminiň işgäri, şahyr Annamyrat Hotjyýew, TAP-nyň welaýat komitetiniň bölüm müdiri Güljemal Nazarowa, TKA-nyň Murgap etrap birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Gurbanmyrat Muhammetorazow, TKA-nyň Şatlyk şäher birleşmesiniň başlygy Gurbanmuhammet Babaýew, H. Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy Kuwwat Jumalyýew hem-de welaýat kitaphanasynyň bölüm müdiri Şemşat Meredowa çykyş etdiler.

Beýleki habarlar