Saglygymyzy goralyň!

4 Maý 2021
862

Şu günler Ak bugdaý etrabynyň oba, şäherçe geňeşliklerinde «Milletiň saglygy — ýurduň baýlygy» şygary astynda wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilýär. Şeýle duşuşyklaryň biri-de etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de saglygy goraýyş edaralarynyň bilelikde guramagynda Ýaşlyk şäherçe geňeşliginde geçirildi. Oňa ýerli ýaşaýjylar gatnaşdy.

Duşuşykda milli Liderimiziň ildeşlerimiziň saglygyny goramak babatda edýän taýsyz tagallalary, şeýle-de howa şertleriniň üýtgemegi bilen baglanyşykly döräp biläýjek kesellerden goranmak üçin şahsy arassaçylyk tertip-düzgünini berjaý etmegiň möhümdigi barada gürrüň edildi. Bellenilişi ýaly, howanyň yssy günleriniň ýetip gelmegi bilen baglanyşykly, adam bedeninde birnäçe üýtgeşmeler bolup geçýär, şoňa görä-de bu döwürde sagdyn iýmitlenmek, zähmeti we dynç alşy kadalaşdyrmak, ýokumlara baý miweleri, gök önümleri köpräk iýmek zerurdyr.

Beýleki habarlar