Hereket — saglygyň sakasy

4 Maý 2021
840

Sagdynlygyň esasy gözbaşy hereket hasaplanýar. Saglyk—bahasyna ýetip bolmajak baýlyk. Saglyk — ýaşaýyş. Ýaşaýşy bolsa hereketsiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Şonuň üçin her bir adam ýaşyna garamazdan hereketde bolmaly. Hereketiň adam bedenini taplamakda, berkitmekde ähmiýeti uludyr.

Adam bedeni üçin fiziki maşklar peýdalydyr. Ýaşaýşyň gözelligi, asudalygy, bagtyýarlygy bolsa saglykdan başlanýar. Sazlaşykly beden maşklary adamyň sagdyn bolmagyny üpjün etmek bilen, onuň işjeňligini artdyrýar. Fiziki maşklar adam bedenine diňe bir gözellik bermän, ýadawlygy aýryp, saglygy berkidýär we ýürek-damar, dem alyş ulgamyny kadalaşdyrýar. Mundan başga-da, gan aýlanyşygyny sazlaşdyrýar.

Maýa ALLAÝAROWA,
Aşgabat şäherindäki 5-nji Saglyk öýüniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar