«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» özbek dilinde

3 Maý 2021
958

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň özbek dilinde çapdan çykmagy Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň täze alamaty boldy. Bu neşir iki goňşy halky birleşdirýän, asyrlaryň dowamynda taryhy we medeni taýdan ýola goýlan özara hoşniýetli erke esaslanan netijeli döwletara gatnaşyklaryň özboluşly nyşanyna öwrüldi.

Häzirki döwürde türkmen-özbek hyzmatdaşlygy giň gerimli ugurlary özünde jemläp, many taýdan has-da baýlaşdy. Şunda Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň arasynda emele gelen ikitaraplaýyn tagallalara, şahsy ynanyşmak gatnaşyklaryna aýratyn orun degişlidir. Munuň şeýledigine milli Liderimiziň 29-njy aprelde, mukaddes Oraza aýynda Gypjakdaky Türkmenistanyň Baş metjidinde beren agzaçar sadakasyna Prezident Şawkat Mirziýoýewiň ýolbaşçylygyndaky Özbegistan Respublikasynyň wekiliýetiniň gatnaşmagy şaýatlyk etdi. Bu sadaka döwlet Baştutanymyzyň çuňňur hormatlanylýan kakasynyň aradan çykmagynyň ýedisinden soň birinji anna agşamy sadakasy boldy.

"Nesil".
Beýleki habarlar