Ýaşlarda belent ynsanperwerlik duýgularyny terbiýelemek zerurdyr

3 Maý 2021
775

30-njy aprelde döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli wajyp meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny has-da ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisine, ilki bilen, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygyny we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasaryny göni wideoaragatnaşyga çagyryp, mähriban halkymyzyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryny ösdürmek, ýaşlaryň arasynda wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işler barada pikir alyşdy. Şeýle hem milli Liderimiz Özbegistanda «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň özbek dilinde neşir edilmeginiň halkymyz üçin uly hormatdygyny belledi.

"Nesil".
Beýleki habarlar