Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

3 Maý 2021
716

30-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli wajyp meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny has-da ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisine, ilki bilen, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G .Mämmedowany we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K. Babaýewi göni wideoaragatnaşyga çagyryp, mähriban halkymyzyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryny ösdürmek we ýaşlaryň arasynda wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işler barada pikir alyşdy.

Beýleki habarlar