At münmegiň saglyga täsiri

3 Maý 2021
892

Toýlarymyzyň bezegi gamyşgulak bedewlerimiz diňe bir ýyndamlykda, gözellikde özüni tanatman, ynsan saglygy üçin hem peýdalydyr. At münmek arkaly saglygy bejermeklige ippoterapiýa diýilýär. Ippoterapiýanyň adam bedenine diňe bir fiziki taýdan däl-de, ruhy, bejeriş-dikeldiş täsiri hem has ýokarydyr. Ippoterapiýa esasan hem oňurga gyşarmalarynda, hereket sazlaşygynyň bozulmalarynda, myşsalaryň tutgaýly ýygrylmalarynda, şeýle-de, hirurgiki operasiýalardan soň hereketlenmek ukybyny dikeltmek üçin peýdalydyr.

At münmek göwräni dik tutmaga, syratly bolmaga, fiziki we psihiki agrama hötde gelmäge, öz-özüňe baha bermek ukybyna, özüňi arkaýyn duýmaga, işjeň, ünsli bolmaga, gaharjaňlykdan, gyzmalykdan dynmaga hemaýat berýär.

Beýleki habarlar